Biziň hyzmatdaşlarymyz

Biziň hyzmatdaşlarymyz Size GS1 standartlaryny peýdalanmak bilen haryt iberilýän hatarlaryň netijeliligini üpjün etmek bilen bagly çözgütleri durmuşa geçirmäge kömek ederler.

Biziň hyzmatdaş guramalarymyzyň ählisi akkreditasiýa edilen guramalar bolup durýar, bu bolsa olaryň degişli iş ulgamynda başarnyklarynyň bizde dykgatly barlagdan geçirilendigini aňladýar. Olar GS1 standartlaryny ýokary derejede bilýärler we düşünýärler, bu ugurdaky bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmagyň üstünde yzygiderli işleýärler.

Şeýle hem biz GS1 standartlaryny dogry we durnukly gowy hilli durmuşa geçirmek maksady bilen, olaryň hyzmatlarynyň we çözgütleriniň anyk görnüşlerine sertifikat berýäris.


Hyzmatdaşlaryň direktoriýasy

“Çyzykly belgi hyzmatlary” kärhanasy GS1 çözgütlerini bermek boýunça hyzmatdaş bolup durýar, ol şu hyzmatlary edýär:

  • çyzykly belgileri, ştrih-kodlaryň we etiketkalaryň şekillerini ISO standartlaryna laýyklykda tassyklamak (werifikasiýa)
  • çyzykly belgileri çap etmek, çyzykly belgileri we etiketkalary bezemek (dizaýn)
  • tükelleýiş işlerini dolandyrmak (inwentarizasiýa)
  • söwda nokatlary üçin çözgütler