Eger siz çyzykly belginiň şekilini özbaşdak taýýarlamagy karar eden bolsaňyz...

EAN/UPC çyzykly belginiň simwolynyň ölçegi

Çyzykly belgi skaneriň lazer şöhleleri bilen açylýar (okalýar). Şunda EAN/UPC koduny üstünlikli açmak (okamak) üçin lazer şöhlesiniň simwolyň ähli çyzyklaryny kese ugur boýunça kesip geçmegini gazanmak zerurdyr. Açylan (okalan) maglumatyň esasynda içinde oturdylan programma EAN-13 belginiň ähli sanlaryny dikeldýär we birinji 12 dereje boýunça 13-nji gözegçilik derejäni hasaplap çykarýar. Eger hasaplanyp çykarylan gözegçilik derejesiniň ähmiýeti skanirlenýän koduň 13-nji derejesiniň ähmiýeti bilen gabat gelse, skaner üstünlikli açylandygy (okalandygy) barada sesli duýduryş berýär.

Eger çyzykly belginiň ölçegi ýa-da ýerleşişi ýalňyş bolsa, onda skaneriň şöhlesi açylýan (okalýan) wagtynda ähli çyzyklary kesip geçip bilmez. Şeýle-de harydyň gabynda ýalňyş gözegçilik derejesi görkezilen halatynda çyzykly belgi açylyp (okalyp) bilinmez. Şonuň üçin hem çyzyklaryň beýikligine-de, gözegçilik derejesiniň dogry hasaplanmagyna hem aýratyn üns berilmelidir.

Iş ýüzünde çyzykly belginiň goýluşy ýönekeý kada bilen barlanýar: çyzykly belginiň gowy hilli çap edilen simwoly stasionar skaner tarapyndan BIRINJI synanyşykda açylmalydyr (okalmalydyr).

Çyzykly belgileriň açylyşyny (okalyşyny) ýeňilleşdirmek üçin stasionar skanerlerde lazer şöhlesini ýazgyn etmegiň dürli usullary ulanylýar, şunda skaneriň hereket edýän meýdanynda skanirlemegiň bir däl-de, birnäçe şöhlesi görünýär.

EAN/UPC çyzykly belgisiniň simwoly içinde çyzyklar ýerleşdirilen açyk gönüburçlyk görnüşinde şöhlenenýär. Harydyň gaby maketleşdirilende degişli ölçegdäki “äpişge” göz öňünde tutulmalydyr. Estetikanyň yzyndan ýetjek bolup, çyzykly belginiň ölçeglerini emeli ýagdaýda kiçeltmeli däl. EAN koduny esasy etiketkadan aýratyn başga ýere geçirmek gowy bolar, ýöne standart ölçeglerden çykylmaly däldir.

Standartlarda simwollaryň ölçegleri MODULLARDA – çyzykly belginiň ähli belgilerini ölçeg birliklerinde, ýagny çyzyklarda (ştrihlerde) we boş goýulýan ýerlerde getirilmelidir (olaryň arasynyň giňligi 1-den 4 modula çenli çäklerde bolýar). Ulaltma gerimi üýtgese – modulyň millimetrlerdäki ölçegi hem üýtgeýär. Çyzykly belginiň standart ölçegi üçin (ulaltma koeffisienti 1.0) modulyň ini 1Х=0,33 mm deňdir. Çyzykly belginiň simwolyndaky iň kiçi çyzygynyň ini bir moduldan köp bolup bilmez. Amatly bolmagy üçin aşakdaky ölçegleriň ählisi modullarda (standartyň tekstindäki ýaly) däl-de, millimetrlerde getirildi.

EAN-13 ŞTRIH-KODUŇ SIMWOLYNYŇ NOMINAL ÖLÇEGLERI

  • simwolyň ini - 37,29 mm
  • simwolyň beýikligi - 25,93 mm
  • çyzygynyň beýikligi - 22,85 mm
  • çep tarapdaky boş zolak - 3,63 mm (ýa-da11Х)
  • sag tarapdaky boş zolak - 2,31 mm (ýa-da 7Х)
  • çepdäki we sagdaky belgileri – çäklendirijileri emele getirýän çyzyklar, şeýle hem merkezi belgi-çäklendiriji 1,65 mm (ýa-da 5Х) AŞAKLYGYNA uzaldylan bolmalydyr
  • nominal ölçegdäki simwolda sanyň beýikligi - 2,75 mm
  • sanyň ýokary başyndan çyzyklaryň aşak ujuna çenli iň pes aralyk - 0,5Х (0,165 mm)

EAN-13 simwolyň nominal ölçeglerden 200%-e çenli deň ölçegli artdyrylmagyna hem-de 80%-e çenli kiçeldilmegine ýol berilýär:

  • Nominal ölçeg (boş zolaklar bilen): 37,29 mm х 25,93 mm (100%)
  • Nominal ölçeg (boş zolaklar bilen): 37,29 mm х 25,93 mm (100%)
  • Nominal ölçeg (boş zolaklar bilen): 37,29 mm х 25,93 mm (100%)

Okyjylaryň köpüsiniň inçe we basgançak görnüşli “owadan” çyzykly belgileri gören bolmaklary mümkin. Şunuň ýaly netije almak üçin etiketkalary taýýarlaýjylar keseleýin ölçegleri üýtgetmän çyzykly belgini beýikligi boýunça örän kiçeldýärler. Çyzykly belgini beýikligi boýunça kiçeltmäge ýol berilmeýär. Simwolyň keseleýin ölçegleriniň saklanyp galmagynda beýikliginiň peseldilmegi (gysgaldylmagy) supermarketlerde giňden peýdalanylýan köp şöhleli skanerleriň kadaly işlemegine päsgel berýär.