Çyzykly belgini werifikasiýa etmek boýunça hyzmatlar

Eger siz çyzykly belgini döreden bolsaňyz, onda siz onuň birinji gezek we her gezek açyklanýandygyna (okalýandygyna) göz ýetiresiňiz gelýändir. GS1 Türkmenistan tarapyndan geçirilýän testler siziň çyzykly belgileriňiziň GS1 standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Siziň her bir çyzykly belgiňiz harytlaryň satylýan dürli nokatlaryndaky skanerlerde açyklanýandygy (okalýandygy) babatda barlagdan geçiriler. GS1 Türkmenistan dine siziň kärhanaňyzyň GS1 Türkmenistan tarapyndan emele getirilen Global prefiksine laýyk gelýän maglumatlaryň kodlaşdyrylan çyzykly belgileriniň werifikasiýasyny üpjün eder.

GS1 Türkmenistan çyzykly belginiň GS1 standartlaryna we esasy GS1 spesifikasiýalaryna laýyk gelýändigi babatda testden geçirmegi werifikasiýa prosesiniň üstünden amala aşyrýar. Testden geçirmek üçin hyzmatlar töleglidir. Werifikasiýa etmegiň barşynda çyzykly belginiň ölçegi, reňki, möhüriň hili we açyk meýdan ýaly ölçegleri görkezijilerine baha berilýär. Şeýle hem GS1 Türkmenistan çyzykly belginiň beýikligine, onuň ýerleşdirilişine we gözegçilik sanlarynyň dogry hasaplanandygyna baha bermegi hem amala aşyrýar. Siziň çyzykly belgileriňizi GS1 Türkmenistan guramasynda werifikasiýa etmek üçin şu materiallary taýýarlap beriň:

  • Bölek söwda predmeti üçin – ol predmeti gutarnykly görnüşinde getirmeli, ýa-da
  • Bölek söwda degişli bolmadyk predmetler üçin:
  • Sellofan lotoklara gaplanan görnüşde (aýratyn predmetler içinde gaplanan bolmalydyr we aýratyn lotoklarda berilmelidir)
  • Görkezme gapyrjaklary (doly baha berilmegi üçin ýasy görnüşde berlip bilner)
  • Içki gaby we daşky karton (tutuş karton doly baha berilmegi üçin ýasy görnüşde berlip bilner)

Werifikasiýa barada hasabatlary sargyt etmek üçin GS1 Türkmenistan guramasynyň edarasyna gelmeli bolar.

Şulara üns beriň:

  • Nädogry geometriki görnüş (mysal üçin, silindr) bolan sarp ediş harydynyň haýsydyr bir düzüm böleginde we aýrylýan böleginde ýerleşdirilen çyzykly belgä berlen baha tutuş sarp ediş harydynyň çyzykly belgisine berlen baha hasap edlip bilinmez.
  • Çyzykly belgini testden geçirmek olaryň lazer ýa-da brom-kümüş şekiliniň, maketleriniň we nusgalyklarynyň berlen halatynda amala aşyrylyp bilner, ýöne aralyk hasabat berlen materiallaryň hakyky nusgalarynyň esasynda düzülýär. Şunuň ýaly baha berme çyzykly belginiň we ýuwaş zolaklaryň (açyk meýdanlaryň) ölçegini barlamak üçin peýdaly bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, beýleki ähli baha bermeler olaryň gutarnykly görnüşdäki nusgalarynyň esasynda amala aşyrylýar.Werifikasiýa boýunça jemleýji hasabaty almak üçin predmetleri werifikasiýa üçin gutarnykly görnüşde bermek maslahat berilýär.
  • Testden geçirmek üçin agramy 10 kilogramdan ýokary ýa-da ondan-oňa geçirmek üçin amatsyz bolan uly göwrümli ýa-da agyr predmetler berilmeli däldir. Boş, ýasy gaplar werifikasiýa üçin şol gapyrjaklarda berlip bilner.