GEPIR: GS1 ulgamyna gatnaşyjynyň habarlaşmak üçin maglumatlaryny gözlemek üçin gural

GEPIR Türkmenistan boýunça maglumatlary goşmak bilen, GS1 maglumatlar binýady boýunça ulgama gatnaşyjynyň möhüm maglumatlaryny, mysal üçin, onuň habarlaşmak üçin maglumatlaryny global gözlemek mümkinçiligini berýän ýeke-täk serwis bolup durýar

GEPIR (Haryt öndürijileriň global katalogy) Türkmenistan boýunça maglumatlary goşmak bilen, GS1 maglumatlar binýady boýunça ulgama gatnaşyjynyň çyzykly belgide bar bolan möhüm maglumatlaryny, mysal üçin, onuň aragatnaşyk üçin maglumatlaryny global gözlemek mümkinçiligini berýän ýeke-täk serwis bolup durýar.

Bu örän çalt we ýeňil amala aşyrylýar. Munuň üçin size "GS1 Türkmenistan" guramasynyň agzasy bolmak gerek.

GEPIR name üçin peýdalanylýar.

Siziň çyzykly belgilerini bilýän hyzmatdaşlaryňyzyň, ýagny belli bir harytlary öndürijiniň ýa-da hasap-fakturany iberen tarapyň düýp kompaniýasy barada bilmek isleýän bolmagyňyz mümkin. Şeýle hem siz sarp ediji, bazary seljeriji, döwlet pudak edarasy (gümrük gullugy) bolmagyňyz ýa-da logistika boýunça hyzmat edýän gurama bolmagyňyz mümkin. Şeýle ýagdaýda GEPIR ulgamynda bar bolan maglumat size gündelik işiňizde kömek eder.

Siz GEPIR ulgamynyň maglumatlary bilen näme edip bilersiziňiz?

  • GS1 belgileriniň ýeke-täk eýelerini anyklap, olaryň habarlaşmak üçin maglumatlaryny alyp bilersiňiz
  • GS1 Türkmenistan guramasynyň ähli agzalarynyň we global derejede ulgamyň 2 milliondan gowrak agzalarynyň gözlegini amala aşyryp bilersiňiz

GEPIR şu kanallar arkaly elýeterdir:

1. GEPIR onlaýn – GS1 Beýik Britaniýa ulgamynyň ähli agzalary üçin erkin elýeter bolup durýar

GEPIR onlaýn GS1 Türkmenistan ulgamynyň ähli agzalary üçin hem mugt elýeterdir. Bir günde 30-a çenli gözlegi amala aşyrmaga mümkinçilik berilýär.

Eger siz häzirlikçe GS1 Türkmenistan ulgamynyň agzasy bolup durmaýan bolsaňyz, onda GS1 Türkmenistan ulgamynyň agzalygyna giriň we GEPIR onlaýn hyzmatlaryndan peýdalanyp başlaň.

2. iGEPIR – ykjam telefon üçin tölegsiz goşundy

GEPIR ulgamynyň elýeterliligi ykjam telefonlar ýa-da planşet arkaly üpjün edilip bilner. Kompaniýa barada maglumatlary almak üçin bellikdäki ştirih kody açyklamak (okamak) üçin iGEPIR ulgamyny peýdalanyň. Ýa-da çyzykly belginiň belgisini ýazyň.

- Android üçin programmany işlediň

- iPhone üçin programmany işlediň

3. GEPIR Premium bilen çäklendirilmedik gözleg

GEPIR Premium size bir wagtda 100-e çenli belgileriň gözlegini amala aşyrmaga alnan ähli maglumatlary özüňiziň maglumatlar binýadyňyza ýa-da elektron tablisa geçirmäge mümkinçilik berer.

GEPIR Premium boýunça has jikme-jik maglumat almak bilen üçin biz bilen habarlaşyň.