GTIN-8 (Söwda Predmetiniň Global Belgisi–8)

Kiçi söwda predmetlerini anyklamak üçin

GTIN-8 ölçegli belgileri EAN-13 adaty çyzykly belgi bilen belgilemäge mümkinçilik bermeýän derejede örän kiçi bolan predmetler üçin peýdalanylýar (mysal üçin, kosmetika predmetleri, kanserýariýa harytlary ýa-da gök önümleriň we miweleriň aýry-aýry görnüşleri).

Bermek üçin niýetlenen GTIN-8 mukdarynyň çäklidigi sebäpli, bu belgiler bizden soralmalydyr.

GTIN-8 belgiler aýratynlykda we 10-dan 100-e çenli toplumlar görnüşinde elýeterdir. Merkezleşdirilen tertipde bellige aldyrmak üçin siz arza bilen bilelikde özüňiziň ähli önümleriňiz barada jikme-jik maglumatlary bermeli bolarsyňyz, şol sebäbe görä, şeýle materiallaryň özüňizde taýýarlanandygyna göz ýetiriň.

GTIN-8 belgilerini almak üçin biziň bilen habarlaşyň.