Anyklaýyş belgileri

Bizde belgileriň käbir goşmaça görnüşleri bar, siz olary hem bizden alyp peýdalanyp bilersiňiz

GS1 standartlary onuň başyndan başlap ahyrky sarp edijä çenli harytlaryň iberilýän hatarlaryna, mysal üçin, saglygy goraýyş ulgamynda hassahanadan, derman serişdelerinden başlap näsaglara çenli haryt iberilýän hatarlara ähli gatnaşyjylary anyklamagy amala aşyrmak mümkinçiligine esaslanýar. Anyklamagy amala aşyrmak üçin siz GS1 ýeke-täk belgileri almaly bolarsyňyz.

Biziň guramamyza agza bolan mahalyňyzda size kärhananyň hususy GS1 Prefiksi berilýär. Siziň kärhanaňyz şol belgini peýdalanmak üçin ygtyýarnama alýar, bu belgi soňra anyklanmagy zerur bolan zatlaryň ählisini anyklaýan belgileri döretmek üçin ulanylýar.

Biz 1,000, 10,000 ýa-da 100,000 belgiler aralygyngda kärhananyň prefikslerini teklip edýäris. Eger siz özüňiziň ähli belgileriňizi peýdalanan bolsaňyz, onda siz kärhananyň goşmaça prefiksi üçin ygtyýarnama alyp bilersiňiz.

Size belgileriň dürli görnüşlerini peýdalanmak üçin ygtyýarnama almak gerek bolan halatynda aýratyn mysallary bardyr. Aşakda şeýle mysallar we şunuň ýaly belgileri almak üçin siziň näme etmelidigiňiz barada maglumat getirilýär.

  • Kärhananyň goşmaça Global prefiksi – eger siz özüňiziň ähli belgileriňizi peýdalanan bolsaňyz
  • Ähliumumy haryt kody (UPC-A) – Demirgazyk Amerikada peýdalanmak üçin
  • GTIN-8 (Söwda predmetiniň global belgisi –8) – örän kiçi predmetleri anyklamak üçin
  • Üýtgeýän ölçeg möçberi bolan predmetler – ölçegi ýa-da agramy boýunça tapawutlanýan harytlary anyklamak üçin

Eger şu belgiler boýunça sizde islendik soraglar ýüze çykan halatynda biz bilen habarlaşyň.