Maglumatlary toplamak

GS1 çyzykly belgileri


Çyzykly belgiler – bu simwollar bolup, olar lazerler ýa-da kameralar ulgamyny ulanmagyň esasynda awtomatiki usulda açyklanyp (okalyp) bilinýär.

Olar, mysal üçin, önümiň belgisi, onuň seriýasy we tapgyry ýaly maglumatlary kodlaşdyrmak üçin peýdalanylýar. Çyzykly belgiler harytlaryň iberilýän hatarlarynda öndürijilere, ulag kompaniýalaryna, riteýllere we hassahanalara önümleri harytlaryň iberilýän hatarlarynyň ähli derejeleri boýunça awtomatiki usulda anyklamak we gözegçilik etmek mümkinçiligini berýär.

GS1 ulgamy çyzykly belgileriň ykdysadyýetiň dürli sektorlarynda we segmentlerinde giňden ulanmak üçin işlenip taýýarlanan birnäçe görnüşlerini dolandyrýar.

EAN/UPC

Aňsat tanalýan 1D çyzykly belgi bütin dünýä boýunça bölek satuw söwdasynda ulanylýar.

Giňişleýin

DataBar

Kiçi ölçegdäki ykjam 1D çyzykly belgi, ol önüm baradaky goşmaça maglumatlary, mysal üçin, täze azyk önümleriniň agramy baradaky maglumatlary öz içine alyp biler.

Giňişleýin

Bir ölçegli (1D) çyzykly belgi diňe umumy distributsiýada we logistikada ulanylýar

Ählumumy 1D çyzykly belgi distributsiýada anyklaýyş açarlaryny we mahsus alamatlaryny (atributlaryny) bermek üçin peýdalanylýar.

Giňişleýin

Iki ölçegli (2D) çyzykly belgi

Ykjam, köp möçberde maglumatlary bolan 2D çyzykly belgi GS1 ulgamynyň ähli açarlaryny we mahsus alamatlaryny bermek üçin ulanylýar.

Giňişleýin



EAN/UPC çyzykly belgisi

Aňsat tanalýan EAN/UPC çyzykly belgisi bilen iş ýüzünde dünýäde her bir sarp ediş önümi belgilenilýär. GS1 çyzykly belgileriniň ählisiniň arasynda bu görnüşiniň has uzak dowam edip gelýän taryhy bardyr we ol dünýäde iň giň ýaýran çyzykly belgi bolup durýar.

EAN/UPC çyzykly belgileriniň görnüşleri

EAN-13
  • Simwol ID: ]E0
  • Derejeliligi: 13 dereje
  • Ähli ugra gönükdirilen
  • GTIN-13 goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldamaýar
UPC-A
  • Simwol ID: ]E0
  • Derejeliligi: 12 dereje
  • Ähli ugra gönükdirilen
  • GTIN-12 goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldamaýar
EAN-8
  • Simwol ID: ]E4
  • Derejeliligi: 8 dereje
  • Ähli ugra gönükdirilen
  • GTIN-8 goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldamaýar
UPC-E
  • Simwol ID: ]E0
  • Derejeliligi: 12 dereje, nollar peýdalanylmaýar
  • Ähli ugra gönükdirilen
  • GTIN-12 goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldamaýar


GS1 DataBar çyzykly belgileri

DataBar çyzykly belgileri köplenç halatda täze azyk önümlerini belgilemek üçin peýdalanylýar. Bu çyzykly belgiler satuw ýerlerinde peýdalanylýan häsiýetnamalara, mysal üçin, önümiň agramy baradaky maglumatlara goşmaça tapgyryň belgisi ýa-da ýaramlylyk möhleti ýaly maglumatlary öz içine alyp biler.

DataBar çyzykly belgileriniň görnüşleri

GS1 DataBar çyzykly belgileri jemi ýedi simwoly öz içine alýar: olaryň dördüsi satuw ýerlerinde skanirlenmek üçin niýetlenendir, üç simwol satuw ýerlerinde skanirlemek üçin niýetlenen däldir. Satuw ýerlerinde skanirlemek üçin niýetlenen simwollar aşakda getirilýär.

DataBar

Ähli ugra gönükdirilen

  • Simwol ID: ]E0
  • Derejeliligi: 14 san
  • Ähli ugra gönükdirilen
  • GTIN, GCN goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldamaýar

DataBar

Gysylan Ähli ugra gönükdirilen

  • Simwol ID: ]E0
  • Derejeliligi: 14 san
  • Ähli ugra gönükdirilen
  • GTIN, GCN goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldamaýar

DataBar

Giňeldilen Gysylan

  • Simwol ID: ]E0
  • Derejeliligi: aňryçägi 74 sany/ 41 harp-san derejelilik
  • Ähli ugra gönükdirilen
  • GTIN, GCN goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldamaýar
Giňeldilen DataBar
  • Simwol ID: ]E0
  • Derejeliligi: aňryçägi 74 sany/ 41 harp-san derejelilik
  • Ähli ugra gönükdirilen
  • GTIN, GCN goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldamaýar


Bil ölçegli (1D) çyzykly belgi diňe umumy distribusiýada we logistikada ulanylýar

GS1-128 we ITF-14 ähliumumy 1D çyzykly belgiler bolup durýarlar, olaryň peýdalanylmagy harytlaryň iberilýän ähli global hatarlary boýunça önümleriň hereketine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. GS1-128 kody GS1 ID anyklaýyş açarlarynyň islendigini we muňa goşmaça seriýa belgileri, ýaramlylyk möhletleri ýaly beýleki maglumatlary öz içine alyp biler. ITF-14 çyzykly belgisi diňe Söwda Predmetiniň Global Belgisi (GTIN) baradaky maglumatlary öz içine alýar we gofrirlenen (riflenen) materiallary belgilemek üçin kabul ederlikdir.

1D çyzykly belgileriniň görnüşleri

ITF-14
  • Simwol ID: ]I1
  • Derejeliligi: 14 san
  • GTIN goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldamaýar
GS1-128
  • Simwol ID: ]C1
  • Derejeliligi 48 san we harp (simwola hasaplanyňda simwollaryň köpüsi peýdalanylyp bilner)
  • GS1 ähli açarlaryny goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldamaýar


Iki ölçegli (2D) çyzykly belgiler

Iki ölçegli (2D) çyzykly belgiler kwadratlara we gönüburçlyklara meňzeş bolup, olaryň içinde köp sanly kiçi aýratyn nokatlar ýerleşendir. 2D çyzykly belgiler ep-esli möçberdäki maglumatlary öz içine alýar we ölçegi uly bolmadyk kagyzda çap edilen ýa-da önümde şekili görkezilen ýagdaýynda hem açyklanyp (okalyp) bilinýän ýagdaýda galýar. 2D çyzykly belgiler önüm öndürmekden we olary ammarlarda ýerleşdirmekden başlap, logistika we saglygy goraýşa çenli senagatyň dürli pudaklarynda peýdalanylýar.

2D çyzykly belgileriň görnüşleri

GS1 DataMatrix
  • Simwol ID: ]d2
  • Derejeliligi: 3116 san, 2335 san we harp
  • Ähli ugra gönükdirilen
  • Ähli açarlary goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldaýar
GS1 QR Kody
  • Simwol ID: ]Q3
  • Derejeliligi: 7089 san, 4296 san we hart
  • Ähli ugra gönükdirilen
  • Ähli açarlary goldaýar
  • Mahsus alamatlaryny goldaýar