Maglumatlary toplamak (açyklamak, okamak)

Çyzykly belgilerwe radioýygylykly anyklaýyş (REID) üçin GS1 standartlary


GS1 Capture

Çyzykly belgi awtomatik usulda açyklanmak (okamak) üçin ýaramly formatdaky arap sanlaryndan ýa-da harplardan ybarat bolýar, olar çyzykly belgini skanirlemegiň barşynda kompýuter ulgamy tarapyndan koddan açylyp, bellige alnyp we işlenip bilner. Bu iş ýeterlik derejede ýeňildir.

Çyzykly belgiler GS1 anyklaýyş açarlaryny, önümler we söwda predmetleri, emläk, logistika birlikleri we ýük ibermek, işgärler we harytlaryň iberilýän hatarynyň islendik ýerinde ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary goşmak bilen, dürli maglumatlary öz içine alýar.

Şeýle hem olar azyk önümlerine we olaryň howpsuzlygyna gözegçilik etmek üçin tapgyr/lot ýa-da ýaramlylyk möhleti baradaky maglumatlar ýaly goşmaça anyklaýjylary öz içine alyp biler.

RFID (Bellikleri radioýygylyk arkaly anyklaýyş) tehnologiýasy maglumatlary bermek üçin radioýygylyklary peýdalanýar, şonuň üçin bellikleriň görünmegi hökmany däldir. Tehnologiýa bir wagtda köp bellikleri okamagy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Kärhanalaryň hereket etmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin GS1 ulgamy RFID standartlaryny işläp taýýarlady we çap etdi.



Maglumatlary awtomatik usulda toplamak

Çyzykly belgiler

EPC/RFID