GS1 EPC/RFID


Önümiň elektron kody (EPC) fiziki obýektleri, ýerleşýän ýerini, ýüküň birliklerini we telekeçilikde möhüm orun tutýan beýleki anyklanylýan obýektleri ýeke-täk anyklaýjy bolup durýar.

EPC kody bellikler radioýygylyk arkaly anyklananda (RFID) ulanmak üçin binar görnüşleri we kärhananyň maglumat ulgamlarynda maglumatlary alyşmak üçin tekst görnüşleri goşmak bilen, örän dürli görnüşlerde emele getirlip bilinýär.

GS1-iň EPC (TDS) bellikleriň maglumatlary standarty EPC üçin maglumatlaryň formatlaryny kesgitleýär we sanly shemalaryň, şol sanda EPC çäklerinde GS1 anyklaýyş açarlarynyň kodlaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Ýeke-täk EPC anyklaýjylary RFID belliklerine kodlaşdyrylandan soň, ol anyklaýjylary açyklamak (ýüze çykarmak) üçin, skaneri wizirlenýän liniýa boýunça gönükdirmezden, 10 metrden gowrak aralykda ýokary ýygylykdaky radio tolkunlar peýdalanylýar. RFID-iň bu häsiýetnamalary harytlaryň iberilýän hatarlarynyň ähli derejelerinde aýdyňlyk we görnüş derejesini ýokarlandyrmak üçin we kärhananyň serişdelerini netijeli dolandyrmak üçin peýdalanylyp bilner.


Barcode Example



GS1 standartlary barada has giňişleýin EPC/RFID barada maglumat GS1 Global ylymlar merkezinde.