GS1 anyklaýyş açarlary

Kärhanalar önümler we olaryň iberilýän ugurlary barada maglumatlary elýeter etmegiň netijeli wariantlaryny saýlap almak üçin we bu maglumatlary özleriniň söwda hyzmatdaşlaryna bermek üçin GS1 anyklaýyş açarlaryny peýdalanyp bilerler.

GS1 anyklaýyş açarlary guramalara önümlere, resminamalara, fiziki ýerleşýän ýerlere we beýlekilere standart anyklaýjylary bermäge mümkinçilik berýär.

GS1 anyklaýyş açarlarynyň global derejede ýeke-täk bolup durýandygyny nazara alanyňda, olar ol ýa-da beýleki guramalar bilen bilelikde peýdalanylyp bilner, bu bolsa söwda hyzmatdaşlary üçin haryt iberilýän hatarlaryň görnüş we aýdyňlyk derejesini ýokarlandyrýar.

GS1 anyklaýyş açarlaryny döretmek üçin siziň guramaňyz GS1 Türkmenistan guramasynyň agzasy bolmalydyr we GS1 ulgamynda kärhananyň Global prefiksini almalydyr. Bu siziň anyklaýyş açarlaryňyzy emele getirmek üçin esas bolup durar.

Siz bu anyklaýyş açarlarynyň ählisini, aşakda getirilen harytlary ibermegiň adaty hataryndaky ýaly, öndürijiden ahyrky sarp edijä çenli haryt iberilýän hatara ähli gatnaşyjylary anyklamak üçin peýdalanyp bilersiňiz. GS1 anyklaýyş açarlarynyň 11-si bardyr, olar fiziki hadysalary we olara degişli maglumatlary aşakdaky tablisada görkezilişi ýaly baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.

GS1 anyklaýyş açarlary Anyklamak üçin peýdalanylýar Mysal
Söwda Predmetiniň Global Belgisi (GTIN) Harytlar we hyzmatlar Çorbaly konserwalar, şokolad plitkasy, aýdym-saz albomy
Global anyklaýyş belgisi (GLN) Taraplar we ýerleşýän ýeri Kompaniýalar, ammarlar, fabrikler, dukanlar
Ýük konteýnerleriniň global-ýeke-täkkody(SSCC) Logiki birlikler Palletlerdäki, çeleklerdäki, posylkalardaky ýüküň birlikleri
Gaplary gaýtarmagyň global anyklaýjysy (GRAI) Gaýtarylýan gap Palletler, çelekler
Emlägiň global anyklaýjysy (GIAI) Emläk Lukmançylyk, önümçilik, ulag we IT enjamlary
Hyzmatlaryň global belgisi (GSRN) Hyzmatlar bilen üpjün ediji we gatnaşyklaryň resipienti Agzalaryň ygrarlylyk maksatnamasy, hassahanalardaky lukmanlar, kitaphanalaryň agzalary

Resminamanyň görnüşiniň global anyklaýjysy (GDTI)

Resminamalar Ýükläp ibermek we salgyt görnüşleri, sürüjiniň resminamalary

Harytlaryň tapgyrynyň global anyklaýyş belgisi (GINC)

Konsignasiýa üçin harytlar Umman laýnerinde bilelikde daşalýan logistika birlikleri

Ýükläp ibermegiň global anyklaýyş belgisi (GSIN)

Ýükläp ibermek Sarp edijä bilelikde getirilýän logistika birlikleri

Kuponyň global belgisi (GCN)

Kuponlar Sanly kuponlar

Anyklaýyş komponentiniň bir bölegi (CPID)

Komponentler we bölekler Awtomobilleriň ätiýaçlyk şaýlary

Identify - Supply chain