Önüm baradaky maglumatlary alyşmak (Esasy maglumatlar)

Esasy maglumatlar – bu maglumatlaryň önümiň ýagdaýyny beýan edýän belli bir alamatlarynyň, mysal üçin beýikligi, ini we çuňlugy ýaly muglumatlaryň toplumydyr. GS1 Maglumatlary Global Sinhronlaşdyryş ulgamy (GDSN) söwda hyzmatdaşlaryna önüm baradaky esasy maglumatlary hakyky wagt düzgüninde elýeter etmäge we alyşmaga mümkinçilik berýär. Önümiň esasy maglumatlary GDSN tarapyndan sertifikatlaşdyrylan maglumatlary toplaýja geçirilýär.

Maglumatlary Global Sinhronlaşdyryş ulgamy (GDSN)

Maglumatlary Global Sinhronlaşdyryş ulgamy söwda hyzmatdaşlaryna önüm baradaky barlanan maglumatlary global derejede alyşmagy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Işewür hyzmatdaşlaryň arasynda önüm baradaky maglumatlary alyşmagyň awtomatiki usulda amala aşyrylmagy we netijeli alşylmagy brendiň tükelligini we bitewiligini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

GDSN standartlary barada has doly maglumat almak üçin GS1 Global bilim merkeziniň sahypasy bilen tanyş boluň.

GS1 Source

Häzirki wagtda san kanallarynyň peýdalanylmagyny diňe bir önümleri satmak prosesi talap etmän, eýsem bu önümler baradaky maglumatlaryň has jikme-jik bolmagy we sarp edijileriň barha artýan garaşmalaryna we düzgünleşdiriji häkimiýetleriň talaplaryna laýyk gelmegi talap edilýär. GS1 Source standarty önüm baradaky maglumatlary alyşmak üçin esas bolup durýar. Bu esas size we siziň işewür hyzmatdaşlaryňyza maglumatlary olaryň önümleriň satylýan kanallarynyň üstünden ulanylmagy üçin alyşmagy amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

GS1 Source standartlary barada has doly maglumat almak üçin GS1 Global bilim merkeziniň sahypasy bilen tanyş boluň.

Global klassifikator (GPC)

GPC klassifikatory önümleri olaryň esasy häsiýetnamalaryna we beýleki önümler bilen özara gatnaşyklaryna baglylykda kategoriýalara jemlemek bilen klassifikasiýa bölýär. GPC awtomobillerden başlap süýde çenli ähli islendik önümler üçin standartlaryň ählumumy toplumyny teklip edýär.

GPC standartlary barada has doly maglumat almak üçin GS1 Global bilim merkeziniň sahypasy bilen tanyş boluň.

GTIN+ on the web

Biz öz agzalarymyz, standartlaşdyrmak boýunça guramalar (W3C) we gözleg ulgamlaryny işläp taýýarlaýan kompaniýalar bilen bilelikde internetde harytlary has aňsat tapmagy we ýazyp beýan etmegi üpjün etmek meselesiniň üstünde işleýäris.

Biziň GTIN+ on the web standartymyz we işlenip taýýarlanylan gollanma telekeçilik işinde şu artykmaçlyklary üpjün eder:

  • sarp edijijiler tarapyndan özlerine zerur bolan önümleri we maglumatlary gözlemeginiň ýokary netijeliligini
  • hakyky wagt düzgüninde gözlegiň barşynda önümleriň aýdyňlyk we görnüş derejesini ýokarlandyrmak
  • onlaýn düzgüninde önüm baradaky maglumatlaryň dogrulyk derejesini ýokarlandyrmak
  • önüm baradaky maglumatlary ykjam enjamlaryň we web saýtlaryň üstünden alyşmagy amala aşyrmagyň hasabyna satuwlaryň möçberini artdyrmak.

GTIN+ on the web standarty we işlenip taýýarlanylan gollanma telekeçilik işinde bu peýdalaryň önüm baradaky maglumatlary struktirlemek we şol maglumatlary GTIN laýyk getirmek arkaly alynmagyny üpjün edýär. Önüm baradaky struktirlenen maglumatlar soňra gözleg maşynlary, smartfonlar we beýlekiler tarapyndan sarp edijiniň tejribesini baýlaşdyrmak we giňeltmek maksatlarynda peýdalanylyp bilner.

GTIN+ on the web standartlary barada has doly maglumat almak üçin GS1 Global bilim merkeziniň sahypasy bilen tanyş boluň.