ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň ýygnaklarynyň geçirilen seneleri we işiniň netijeleri:

2016-njy ýylyň 23-nji maýy – tehniki komitetiň agzalarynyň birinji ýygnagy geçirildi.

Netijeler – kandidaturalary aşakdaky wezipelere saýlamak we tassyklamak:

TК ТМ 08 tehniki komitetiniň başlygy – Mäligulyýewa Aýkamar,

ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň başlygynyň orunbasary – Jumaýew Döwlet,

ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň kätibi – Ýaýlanowa Dilber;

Halkara ISO standartlaryna laýyk gelýän 24 sany milli standartlary taýýarlamaklygy öz içine alýan 2016-2018 ýyllar üçin standartlaşdyrmalar boýunça Meýilnamany seretmek we kabul etmek.


2016-njy ýylyň 22-nji iýuny – tehniki komitetiň agzalarynyň ikinji ýygnagy geçirildi

Netijeler - ТК ТМ 08 tehniki komitetiniň agzasy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliniň gatnaşmagynyň zerurlygy baradaky çözgüdi kabul etmek;

«Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň» («GS1 Türkmenistan»), werifikasion laboratoriýasynyň işi üçin normatiw baza hökmünde milli standartlary döretmegiň zerurlygy barada seminary geçirmek.


2016-njy ýylyň 23-nji sentýabry - tehniki komitetiň agzalarynyň üçünji ýygnagy geçirildi

Netijeler – Ilkinji we iň esasylaryň hatarynda bolan milli standartlaryň - TDS-ISO/IEC 15416:2000(Е) «Maglumat tilsimatlary – Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary – Çyzykly şertli belgileriň çap ediliş hilini synag etmegiň düzgünleri – Çyzykly simwollar» we TDS-ISO/IEC 15420:2009(Е) «Maglumat tilsimatlary – Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary - EAN/UPC çyzykly şertli belgisini simwollaşdyrmagyň düzgünleri» taslamalaryna seretmek we kabul etmek.


2016-njy ýylyň 10-njy dekabry – tehniki komitetiň agzalarynyň dördünji ýygnagy geçirildi

Netijeler - TDS-ISO/IEC 15426-1:2006(Е) «Maglumat tilsimatlary – Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary – Çyzykly şertli belgileriň werifikatorlarynyň laýyklygyny barlamagyň düzgünleri – Bölüm 1: Çyzykly simwollar», TDS-ISO/IEC 16390:2007(Е) «Maglumat tilsimatlary – Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary – Interleaved 2 of 5 çyzykly şertli belgisini simwollaşdyrmagyň düzgünleri» we TDS-ISO/IEC 16388:2007(Е) «Maglumat tilsimatlary – Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary – Code 39 çyzykly şertli belgisini simwollaşdyrmagyň düzgünleri» milli standartlaryň taslamalaryna seretmek we kabul etmek.


2017-nji ýylyň 7-nji apreli – tehniki komitetiň agzalarynyň bäşinji ýygnagy geçirildi

Netijeler - TDS-ISO/IEC 15417:2007(Е) «Maglumat tilsimatlary – Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary – Code 128 çyzykly şertli belgisini simwollaşdyrmagyň düzgünleri» milli standartyň taslamasyna we МТК 517 tehniki komitetiniň ГОСТ ISO/IEC 15438:2015(Е) «Maglumat tilsimatlary – Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary – PDF417 çyzykly şertli belgisini simwollaşdyrmagyň düzgünleri» tassyklanylýan taslamanyň düzedişlerine seretmek we kabul etmek.


2017-nji ýylyň 5-nji iýuly - tehniki komitetiň agzalarynyň altynjy ýygnagy geçirildi

Netijeler - TDS-ISO/IEC 15419:2009(Е) «Maglumat tilsimatlary – Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary – Çyzykly şertli belginiň sanlaýyn görkezmesinde we çap edilmeginde parametrleriň synaglary» milli standartyň taslamasyna seretmek we kabul etmek hem-de ISO/IEC 15421:2010(Е) «Information technology. Automatic identification and data capture techniques. Bar code master test specifications» laýyk gelýän halkara standartyny we onuň salgylanýan iki sany - ISO 5-3:2009 «Photography and graphic technology. Density measurements. Part 3: Spectral conditions» we ISO 18911:2010 «Imaging materials. Processed safety photographic films. Storage practices» standartlaryny taýýarlamaklyga МТК 517 tehniki komitetiň standartlaşdyrmak boýunça 2018-nji ýylyň Meýilnamasyna goşulmagyny teklip bermek.