Nähili öz gözegçilik sanyňy hasaplap bolýar

Gözegçilik sany siziň koduňyzyň dogry açyklanmagynyň (okalmagynyň) möhüm şerti bolup durýar.

Söwda Predmetleriniň Global Belgileriniň (GTIN) we Global ýerleşiş belgileriniň (GLN) ählisiniň iň soňky sany gözegçilik sany bolup durýar, ol kompýuter tarapyndan emele getirilýär. Gözegçilik sany ýörite algoritm (ol Modulo – 10 algoritmi diýlip atlandyrylýar) boýunça emele getirilýär. Bu algoritm olaryň dogry düzülmegini kepillendirmek üçin GTIN ýa-da GLN ulgamynyň başga belgilerini peýdalanýar.

Siz Meniň bank belgilerim atly sanlara sereden mahalyňyzda belgiler yzygider tertipde ýerleşdirilmändir diýip pikir edip bilersiňiz. Bu iň soňky sanyň kompýuter tarapyndan ýörite algoritm boýunça emele getirilen gözegçilik sany bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ondan öňki sanlaryň ählisi yzygiderli tertipde ýerleşendir.

Guramanyň bellige alnan agzasy hökmünde size Gurallar & Serişdeler bölümindäki şahsy kabinetiňizde gözegçilik sanynyň wirtual kalkulýatoryny peýdalanmak mümkinçiligi berilýär.

Eger siz gözegçilik sanynyň hasaplanylyşyna has çuň düşünmek isleýän bolsaňyz, onda biziň düzen jikme-jik we yzygiderli maglumatlarymyza serediň.

Nähili öz gözegçilik sanyňy hasaplap bolýar (PDF)

Ýene sorag barmy?

Eger sizde sanlary nähili barlamalydygy barada soraglar galan bolsa, biziň bilen habarlaşyň, biz hemişe size kömek etmäge taýýardyrys.